Turkmenportal logo
22.12.20
3735737357
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky kompaniýalary we guramalary bankyň 2020-nji ýylyň maliýe netijeleri boýunça halkara MHHS ülňülerine laýyklykda garaşsyz audit barlagyny geçirmek üçin halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar.


Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2021-nji ýylyň 18-nji ýanwaryndan gijä galman Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna, ş. Aşgabat, Garaşsyzlyk şaýoly, jaý 32 salgysy boýunça ýa-da tveb@online.tm elektron poçtasynyň üsti bilen berilmeli.


Habarlaşmak üçin telefon: (+993 12) 40 63 15.


Faks: (+993 12) 40 65 63.