Turkmenportal logo
18.12.20
1517315173
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenbaşy-Kuryk-Mahaçkala ugry boýunça ikitaraplaýyn gämi gatnawy meýilleşdirilýär

Gazagystanyň “Port Kuryk” kompaniýasy “Тürkmen Milli Logistik” AGPJ-ne we Mahaçkala portunyň dolandyryjy kompaniýasyna Türkmenbaşy-Kuryk-Mahaçkala ugry boýunça yzygiderli gämi gatnawlaryny ýola goýmagy teklip etdi. Bu barada kazlogistics.kz duşenbe güni habar berdi.


Gatnawlary “RO-PAХ” görnüşli “Berkarar”/“Bagtyýar” türkmen gämileri bilen amala aşyrmak meýilleşdirilýär. “Тürkmen Milli Logistik” AGPJ-i we Mahaçkala portunyň dolandyryjy kompaniýasy Türkmenbaşy-Kuryk-Mahaçkala ugry boýunça gämi gatnawlarynyň açylmagyna taýýardyklaryny bellediler.


Häzirki wagtda täze gämi gatnawlarynyň açylmagy bilen baglanyşykly Kuryk we Mahaçkala portlarynda tehniki we guramaçylyk çäreleri geçirilýär.


“RO-PAХ” görnüşli “Berkarar” gämisi Horwatiýanyň “Uljanik” zawodynda gurulyp, 2014-nji ýylyň dekabrynda Türkmenbaşy portuna getirildi. Gämi 200 ýolagçyny, 2,400 tonna ýüki we 54 ýük ulagyny almaga ukyplydyr. 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenbaşynyň deňiz menziline şunuň ýaly “RO-PAХ” görnüşli ikinji “Bagtyýar” gämisi geldi.