Turkmenportal logo
13.12.20
2408924089
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
PÝGG ilata sürçek babatynda duýdurdy

Şu gün Türkmenistanyň ýaşaýjylary Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyndan SMS habarnamasyny aldylar. Onda şeýle diýilýär:


 «Hormatly adamlar! Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen ýollarda döreýän sürçek zerarly pyýadalar üçin niýetlenen ýerlerde hereket etmegiňizi ýatladýarys! PÝGG».


10-njy dekabrdan bäri Aşgabatda we ýurduň sebitlerinde gar ýagýandygyny ýatladýarys. Howa bolsa -5 gradusa çenli sowaýar. Bu ýagdaý ýollarda sürçegiň emele gelmegine getirýär.