Turkmenportal logo
02.12.20
12941294
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: ýarym finalyň birinji duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

“Ahal” – “Altyn Asyr” – 0:2


Gollar: 28 Röwşen Halmämmedow, 46 Resul Hojaýew.


Ilkinji gollar: Duşuşykda tapawutlanan futbolçylaryň ikisi hem Kubok ýaryşynyň şu möwsümindäki ilkinji gollaryny geçirdiler.


20-nji golçy: Resul Hojaýew möwsümde tapawutlanan 20-nji futbolçy boldy.


Bäş ýylda, iki toparda: Röwşen Halmämmedow soňky bäş ýylyň içinde Kubok ýaryşynda hem «Köpetdagyň», hem «Altyn asyryň» düzüminde tapawutlandy. Ol 2015-nji ýyldan bäri bu ýaryşda geçiren gollarynyň sanyny 3-e çykardy.


Golsuz topar: «Ahal» ýarym finala çykan dört toparyň arasynda heniz gol geçirmedik ýeke-täk topardyr.


 


  “Köpetdag” – “Şagadam” – 6:1


Gollar: 12, 81 Yhlas Saparmämmedow, 20, 57, 65 Döwletmyrat Seýitmuhammedow, 89 Şiri Annaýew – 26 Hemra Amanmämmedow.


Bir duşuşykda birinji orunda: Duşuşykda üç gezek tapawutlanan Döwletmyrat Seýitmuhammedow häzirlikçe Türkmenistanyň kubogy ― 2020-niň iň netijeli futbolçysy.


Iki toparda, üçünji gol: Yhlas Saparmämmedow soňky bäş ýylyň içinde şu ýaryşda hem «Ahalyň», hem «Köpetdagyň» düzüminde jemi 3 pökgi geçirdi.


Bäş ýylda 100-nji golçy: Döwletmyrat Seýitmuhammedow Kubok ýaryşynyň soňky bäş möwsüminde tapawutlanan 100-nji futbolçy boldy.


30-njy gol: Döwletmyrat Seýitmuhammedowyň üçünji goly täzeden döredilen «Köpetdagyň» ýaryşdaky 30-njy goly boldy.


Ýene bir 30-njy gol: Şol bir wagtyň özünde bu gol Türkmenistanyň kubogy ― 2020-de geçirilen 30-njy gol boldy. Häzir ýaryşda geçirilen gollaryň sany 32-ä çykdy.


Ikinji orunda: «Köpetdagyň» futbolçylary möwsümde geçiren gollarynyň sanyny 9-a çykaryp, «Altyn asyrdan» soňra ikinji orna çykdylar. «Altyn asyrda» 12 gol bar.


Iň köp golly duşuşyk: Bu duşuşyk Kubok ýaryşynyň şu möwsüminde iň köp gol geçirilen duşuşyklaryň biri. Has takygy, çärýek finalyň «Altyn asyr» ― «Energetik» duşuşygynda hem derwezelere 7 pökgi geçirilipdi. Şol duşuşykda «Altyn asyr» 7:0 hasabynda ýeňiş gazandy.