Turkmenportal logo
24.11.20
1516415164
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan goňşy Owganystan döwletine metjit gurup berdi

Ýakyn wagtda Türkmenistanyň goldaw bermegi netijesinde goňşy doganlyk halk bolan Owganystan döwletinde 500 adamlyk metjit açylyp ulanylmaga berler. Bu barada Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berilýär.


2018-nji ýylyň noýabr aýynda Akina şäherinde metjidiň gurluşygyna başlanypdy. Desganyň gurluşyk işlerini ýurdumyzda ýerleşýän Mazari-Şerifdäki konsullygynyň buýurmasy boýunça "Ghazanfar Construction" şeýle-de "Road Work Rail Way Construction Material P.CO" owgan kompaniýalary amala aşyrdy.


Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan goňşy döwlete birnäçe ynsanperwer goldawlaryny amala aşyrýar. Bulardan başga-da türkmen tarapynyň goldawy bilen Owganystanyň Balh welaýatynda mekdebi, Farýab welaýatynda oba hassahanasyny, Hyrat welaýatynda bolsa bäbekhana gurup ulanmaga berdi.