Turkmenportal logo
22.11.20
1717117171
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dekabr aýynda “Agzybirlik Tilsimaty” hususy kärhanasy mekdep üçin niýetlenen kompýuterleri öndürmek meýilnamasyny tamamlar

Dekabr aýynda, “Agzybirlik Tilsimaty” HK, Hytaý hünärmenleriniň goldawy bilen bilelikde işlenip düzülen mekdep üçin niýetlenen kompýuterleriniň önümçiligini tamamlar. Bu barada  “Туркменистан: Золотой век” gazetinde habar berilýär.


Meýilleşdirilen 160 müňden gowrak önümiň, 130 müňden gowragy öndürilip mekdeplere berildi.


Ýakyn geljekde kompaniýa ekranyň ululygyny ýokarlandyrmak we esasy parametrleri gowulandyrmak arkaly mekdep kompýuterleriniň görnüşlerini giňeltmegi meýilleşdirýär.


Şeýle hem, şu ýyl “Intel” prosessorlaryna esaslanýan “Agzybirlik Tilsimaty” markasy bilen 2000-den gowrak ofis we oýun üçin niýetlenen kompýuterler, şeýle hem ýurduň köp kärhanalary tarapyndan satyn alnan çylşyrymly grafikalary dolandyrmak üçin kompýuterler öndürildi.


Mundan ozal, “Agzybirlik Tilsimaty”  hususy kärhanasynyň Lebap welaýatynda elektron enjamlary öndürmek üçin şahamçasynyň açylandygyny habar beripdik.