Turkmenportal logo
14.11.20
68696869
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2020: «Ahal» kümüş medala mynasyp boldy

 «Ahal» futbol topary çempionatyň 25-nji tapgyrynda «Şagadamdan» 0:4 hasabynda ýeňlendigine garamazdan, möwsümi ikinji orunda tamamlady.


24 duşuşykda 49 utuk toplap bilen «Ahal» bu netije bilen indiki ýyl AFK-nyň kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Onuň toparçalarda ýa-da saýalama tapgyrda ýaryşjakdygy Türkmenistanyň kubogy ugrundaky duşuşyklardan soňra belli bolar.


Seýit Seýidowyň şägirtleriniň bu tapgyrdaky garşydaşlary bolan «Şagadam» bolsa «Köpetdag» bilen üçünji orun ugrunda göreşýär.


 “Şagadam” – “Ahal” – 4:0


Gollar: 19 Merdan Gurbanow, 68 Aşyrgeldi Saryýew, 80 Hydyr Ýakubow, 82 Yhlas Magtymow.


Duýduryşlar: 40 Ionel Kosofana, 45+2 Baýramgeldi Nuryýew – 6 Pirmyrat Sultanow, 19 Ilýa Tamurkin, 30 Serdar Annaorazow, 65 Gurbangeldi Aşyrow.


Meýdandan çykarylan: 31 Ilýa Tamurkin, ikinji duýduryş, 45+2 Gurban Annaýew.


Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)


Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)


Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)


Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)


Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.).