Turkmenportal logo
11.11.20
54925492
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan sport ýaryşy guraldy

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Bişkekde Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan mini-futbol boýunça sport ýaryşy guraldy.


Ýaryşa bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary hem-de diplomatlar gatnaşdylar.


Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Ilçisi sport çäräni açdy hem-de öz çykyşynda Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzda sportuň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi we berk bedenli hem-de ruhy taýdan sagdyn nesliň kemala getirilmegi boýunça gazanylan üstünlikler barada gürrüň berdi.


Sport ýaryşy tamamlanandan soňra ýeňijilere Ilçihananyň kubogy gowşuryldy.