Turkmenportal logo
10.10.20
92659265
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şu ýyl Türkmenistanda 53 sany döwlet emlägi hususylaşdyryldy

Şu ýylyň 9 aýynyň dowamynda Türkmenistanda döwlet emläginiň 53-si hususylaşdyryldy. Bu barada maliýe we ykdysadyýet minsitri M.Serdarow Hökümetiň giňişleýin mejlisinde habar berdi.


Hususylaşdyrylan emläkden Döwlet býujetine 126,1 million manat möçberindäki serişdeler geçirildi. Şeýle hem döwlet emläginden alnan kärende tölegi 122 million manada deň boldy.


Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geljekde bu işi çaltlandyrmak barada tabşyryklary berdi.