Turkmenportal logo
07.10.20
86738673
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Marynyň "Ýeňiş" tikin fabrigi erkekler üçin güýzki köýnekleri öndürip başlady

Marynyň "Ýeňiş" tikin fabriginde güýzki möwsüm üçin niýetlenen erkek köýnekleri öndürilip başlandy.


Adatça, bu ýerde güýz-gyş möwsümleri üçin köýnekler pamazydan - dykyz, ýyly we ýeňil pagta matadan tikilýär. Önümler 36-dan 45-e çenli dürli ululykda öndürilýär.


Nusga çyzgysynyň esasy reňkini gyrmyzy, goňur, çal, gök we ýaşyl inçe zolakly görnüşleri düzýär.


Täze görnüşli köýnekleri gönüden-göni fabrigiň söwda dükanlaryndan satyn alyp bolýar şeýle-de kärhananyň resmi web saýtynyň üsti bilen hem sargyt edip bolýar.