Turkmenportal logo
22.09.20
65406540
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk 29-njy sentýabrda geçiriler

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi saýtynda 2019-njy ýylyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşygyň 29-njy sentýabrda geçiriljekdigini habar berdi.


Bu duşuşyk geçen möwsümiň çempiony «Altyn asyr» bilen wise-çempion «Ahalyň» arasynda geçiriler. Duşuşyk geçiriljek ýeri barada biraz soňrak habar berler.


Mundan öň federasiýa bu duşuşygy 22-nji awgustda geçirmegi meýilleşdirilipdi. Ýöne 17-nji awgustda Türkmenistanyň çägindäki ähli futbol ýaryşlary wagtlaýyn ýatyryldy.