Turkmenportal logo
20.09.20
72897289
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistanyň çempionaty: Wahyt Orazsähedow «Istiklol» bilen ýurduň çempiony boldy

«Istiklol» futbol topary taryhynda dokuzynjy gezek Täjigistanyň çempiony boldy.


Topar çempionatyň Ýokary ligasynda «Hatlon» bilen bolan duşuşykda 1:1 hasabyndaky deňlik bilen oýnap, heniz çempionat tamamlanmanka, çempionlygyny yglan etdi. «Istiklol» ikinji orundaky «Hujanddan» 12 utuk öňde barýar. Üçünji orunda bolsa 24 utuk bilen «Hatlon» bar.


Şeýlelikde, geçen ýyl «Dordoý» bilen Gyrgyzystanyň çempiony bolan ildeşimiz Wahyt Orazsähedow bu ýyl «Istiklolyň» hatarynda Täjigistanyň çempiony bolmagy başardy.