Turkmenportal logo
05.08.20
1224912249
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Gruziýa awiakerosin eksporty iki esse köpeldi

Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda Gruziýa eksport edilýän awiakerosiniň mukdary iki esse ýokarlandy. Bu barada «Nebit-Gaz» neşiri Gruziýanyň nebit önümlerini import ediji birleşiginiň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.


Ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda Gruziýa 22,9 müň tonna awiakerosin iberildi. Bu bolsa ýurduň umumy awikerosin eksportynyň 80 göterimine deňdir.


Mundan başga-da Türkmenistan Gruziýa bazaryna benzindir dizel ýangyjyny hem eksport edýär. Şu ýylyň birinji ýarymyna dostlukly döwlete bu önümleriň 50 müň tonnasy eksport edildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 8 müň tonna köpdür.