Turkmenportal logo
31.07.20
7705677056
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenbaşy ― Stambul aralygynda ýörite awiagatnaw amala aşyrylar

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy türk raýatlary üçin şu ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinden Stambula ýörite uçar gatnawynyň boljakdygyny habar berdi. Türkiýäniň isleg bildiriren Türkmenistandaky raýatlary bu gatnaw bilen ýurduna dolanyp bilerler.


Isleg bildirýän adamlardan ilçihananyň elektron salgysyna (embassy.ashgabat@mfa.gov.tr) elektron usulda ýüz tutmak soralýar. Ýüz tutmalar 4-nji awgust güni 17:00-a çenli kabul ediljekdir. «Gülhan-Dearsan» kompaniýasy tarapyndan guralýan uçuşyň bahasy ABŞ-nyň 500 dollaryna barabar.


Uçuş güni Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine goşmaça içki awigatnawlar ýola goýlar.


Uçuşa isleg bildiren adamlar oňa 24 sagat galanda COVID-19 barlagyndan geçmeli. Barlag Aşgabadyň Görogly köçesiniň 84-nji jaýynda ýerleşýän «Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde» bolar. Merkeziň telefon belgisi: 36-90-51.


Ýüze çykan sowallar bilen bagly ilçihana bilen habarlaşyp bolar: +993 12 94 00 27, +993 12 94 00 29.