Turkmenportal logo
21.07.20
2976529765
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda otly gatnawlarynyň ýatyrylmagy 31-nji iýula çenli uzady

«Türkmendemirýollary» agentligi Türkmenistanda otly gatnawynyň togtadylmagyny 31-nji iýula çenli bir hepde uzaltdy.


Bu barada agentligiň resmi saýtynda:


«Gadyrly ýolagçylar! Biz şu ýylyň 16 ― 31-nji iýuly aralygynda otly gatnawlarynyň wagtlaýyn ýatyrylýandygyny habar berýäris» diýip aýdyldy.


Mundan ozal ýurtda otly gatnawlary 16-njy iýuldan 23-nji iýul aralygynda ýatyrylypdy. 


Ýolagçylar ýüze çykan sowallar bilen +99312383273 / 75/76/79 telefon belgilerine jaň edip bilerler.