Turkmenportal logo
28.08.2026
3258932589
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awokadonyň yssy howa şertlerinde saglyk üçin nähili peýdasy bar?

Awokado, aslynda ekzotik miwedigine garamazdan, Türkmenistanyň howa we iýmit şertlerinde sagdynlyk üçin özboluşly iýmitlik häsiýetlerine eýedir. Bu barada Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň sagdyn iýmitleniş boýunça ştatdan daşary hünärmeni Selbi Mämmetsahatowa gürrüň berdi. Onuň bellemegine görä, awokadonyň yzygiderli iýilýän önümleriň hataryna goşulmagy Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin birnäçe esasy sebäplere görä peýdalydyr.

1. Ýürek-damar ulgamynyň goldawy. Adaty aşhana tagamlary we yssy howa şertleri ýürek hem damar ulgamyna belli bir derejede agram salýar. Şunda sagdyn ýaglara eýe bolan: awokadolar “ýaramaz” holesterini peseltmäge we “peýdaly” holesterini saklamaga kömek edýän mono dok bolmadyk ýag kislotalaryna (esasan hem olein) baýdyr. Kaliý gan basyşyny kadaly saklamak üçin: bir awokadoda banana garanyňda has köp kaliý bardyr. Kaliý suwuklygyň we duzuň deňagramlylygyny kadalaşdyrmaga kömek edýär, arterial gan basyşyny peseldýär hem-de yssy howada der bilen ýüze çykýan duz ýitgisiniň öwezini dolýar.

2. Yssy howa şertlerinde derini we bedeni goraýar. Howanyň ýokary derejede bolmagy, Gün şöhlesiniň güýçli düşmegi hem-de howanyň guraklygy antioksidant goragynyň güýçlendirilmegini talap edýär. E we C witaminleri: Bu antioksidantlaryň sinergiýa güýji erkin radikallary neýtrallaşdyrýar, işjeň ultramelewşe şöhleleri zerarly döreýän deriniň wagtyndan öň garramagynyň hem öňüni alýar. Bedeniň iç ýüzünden ýokary çyglylygyň bolmagy: sagdyn ýaglar deriniň tebigy lipid bökdençligini saklamaga kömek edip, guraklygyň öňüni alýar.

3. Berhiziň deňagramlylygyny we şekeri gözegçilikde saklaýar. Tiz uglewodlara (un önümleri, tüwi) we et tagamlaryna baý iýmitlenişde awokado örän täsirli deňagramlylygy saklaýjy önüm bolup hyzmat edýär. Süýüme baýlygy: bir awokado iýmit süýüminiň gündelik gymmatynyň 30 — 40%-ine çenli üpjün edýär. Bu bolsa iýmit siňdirişi gowulandyrýar, içegeleriň sagdyn mikroflorasyny saklaýar. Şekeriň derejesini durnuklaşdyrýar: Glikemik indeksiniň pesligi we ýönekeý şekerleriň ýokdugy üçin, awokado ganda şekeriň derejesiniň ýokarlanmagynyň öňüni alyp, doýgunlyk duýgusyny uzaldýar.

4. Iýmit maddalarynyň özleşdirilmeginiň gowulanmagy. A, D, E we K witaminleri, şeýle hem esasy antioksidantlar (mysal  üçin, pomidorlardan alynýan likopin) ýagda ereýän hasap edilýär. Ýerli gök-bakja önümlerinden (pomidor, hyýar we gök otlar) taýýarlanylýan ter işdäaçarlara awokado goşmak bu iýmitiň düzümindäki maddalaryň özleşdirilmegini birnäçe esse artdyrýar.

Selbi Mämmetsahatowanyň nygtaýşy ýaly, awokado — bu bedeniň yssy howa şertlerine uýgunlaşmagyna, damarlaryň saglygyny saklamaga hem-de däp bolan iýmitlenişi has deňagramly etmäge ýardam edýän sagdyn ýaglaryň, kaliniň we antioksidantlaryň utgaşykly çeşmesidir. Şeýle hem hünärmen türkmen atalar sözüne eýermek bilen, awokadonyň biziň üçin ekzotik miwedigini, ony başardygymyzdan aýda birnäçe gezek iýmelidigini belleýär. Gündelik iýmek üçin bolsa türkmen topragy saglyga peýdaly bolan ýerli miwelere we gök önümlere örän baýdyr.