Turkmenportal logo
15.06.20
3651736517
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurtly kölüniň ady «Altyn köl» diýlip üýtgedildi

Aşgabat şäheriniň demirgazygyndaky kölüň kenarynda häzirkizaman dynç alyş zolagyny döretmek, bu zolakda ekologiýa şertlerini gowulandyrmak, hemem kölüň kenarynda dynç almak üçin amatly ýerleriň birine öwürmek maksady bilen, şeýle-de şäheriň ýaşaýjylarynyň hemem myhmanlarynyň dynç almaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň demirgazygyndaky köl Altyn köli diýlip atlandyryldy.


Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde (15.06.2020) habar berildi.