Turkmenportal logo
15.06.20
1643416434
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenawtoulaglary» agentligi täze awtobus gatnawlaryny açýar
«Türkmenawtoulaglary» agentligi täze awtobus gatnawlaryny açýar

«Türkmenawtoulaglary» agentligi ilatyň awtomobil gatnawalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, täze gatnaw ugurlaryny açýar.


2020-nji ýylyň 16-njy iýunyndan 3-nji «Awtokombinat — Täze zaman», 7-nji «Teke bazar — Awtomenzil», 11-nji «Parahat 7 — Awtomenzil» ugurlary boýunça gatnaýan awtobuslaryň hereket edýän ugurlaryna üýtgetmeleriň girizilýändigini hem-de 82-nji «Gurtly — 3-nji dynç alyş zolagy» täze awtobus ugry açylýar.


— 3-nji «Awtokombinat — 3-nji dynç alyş zolagy — «Täze zaman» ugry boýunça awtobus «Awtokombinat» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de «A.Nyýazow — Magtymguly şaýollary — A.Annaýew köçesi — Gurbansoltan eje şaýoly — Ruhabat — Bitaraplyk — G.Kuliýew köçeleri» bilen hereket edip, Gurtly harby şäherçesiniň ýanyndan geçip, 3-nji dynç alyş zolagyna barýar we G.Kuliýew köçesi bilen hereket edip, «Täze zaman» ýaşaýyş toplumyna barýar hem-de yzyna, «G.Kuliýew — Bitaraplyk — Ruhabat köçeleri — Gurbansoltan eje şaýoly — A.Annaýew köçesi — Magtymguly — A.Nyýazow şaýollary — G.Kuliýew — B.Annanow köçeleri — A.Nyýazow şaýoly» bilen hereket edip, «Awtokombinat» belleniş nokadyna gelýär.


— 7-nji «Teke bazar — 1, 2, 4-nji dynç alyş zolaklary» ugry boýunça awtobus «Teke bazar» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de «M.Kaşgary — M.Kösäýew — A.Gowşudow köçeleri — Magtymguly — A.Nyýazow şaýollary — A.Berdiýew köçesi — Bitarap Türkmenistan — A.Nyýazow şaýollary — Ýeňiş — 2216-njy — Zynhary köçeleri» bilen hereket edip, 1, 2, 4-nji dynç alyş zolaklaryna barýar hem-de yzyna, «Zynhary — 2216-njy — Ýeňiş köçeleri — A.Nyýazow — Bitarap Türkmenistan şaýollary — A.Berdiýew köçesi — A.Nyýazow — Magtymguly şaýollary — A.Gowşudow köçesi» bilen hereket edip, «Teke bazar» belleniş nokadyna gelýär.


— 11-nji «Parahat — 7 — 1, 2, 4-nji dynç alyş zolaklary» ugry boýunça awtobus «Parahat — 7» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de «A.Garlyýew — Oguz han — B.Annanow köçeleri — Magtymguly şaýoly — N.Andalyp — G.Kuliýew köçeleri — A.Nyýazow şaýoly — Zynhary köçesi» bilen hereket edip, 1, 2, 4-nji dynç alyş zolaklaryna barýar hem-de yzyna, «Zynhary köçesi — A.Nyýazow şaýoly — G.Kuliýew — N.Andalyp köçeleri — Magtymguly şaýoly — B.Annanow — 10 ýyl Abadançylyk — A.Garlyýew köçeleri» bilen hereket edip, «Parahat — 7» belleniş nokadyna gelýär.


— 82-nji «Gurtly — 3-nji dynç alyş zolagy» ugry boýunça awtobus «Gurtly» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de «Ruhabat — Bitaraplyk — G.Kuliýew köçeleri» bilen hereket edip, Gurtly harby şäherçesiniň ýanyndan geçip, 3-nji dynç alyş zolagyna barýar hem-de yzyna, Gurtly harby şäherçesiniň ýanyndan geçip, «G.Kuliýew — Bitaraplyk — Ruhabat köçeleri» bilen hereket edip, «Gurtly» belleniş nokadyna gelýär.


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 28-60-30, 28-60-80.