5-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer B.Abdyýewanyň ünsüni elektron neşir işini güýçlendirmäge çekdi.
Döwlet Baştutany wise-premýere ýüzlenip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, aýratyn-da, teleradioýaýlymlaryň işiniň bildirilýän talaplara laýyk derejede alnyp barylmaýandygyny belledi. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow kagyzda neşir edilýän gazet-žurnallary elektron serişdelere geçirmek işini çaltlandyrmagy, munuň üçin hünärmenleri taýýarlap, redaksiýalaryň işgärlerini jemlemegi, habar beriş serişdelerinde sanly ykdysadyýetiň möhüm meselelerini dowamly beýan etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy bilen ýurtda elektron gazetiň işini ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Eýýäm ýylyň ikinji ýarymyndan başlap, elektron gazetlere abuna ýazylyşyk mümkin bolar.