Turkmenportal logo
22.04.20
89548954
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmneistanyň futzal ligasy 2-nji iýunda dowam etdiriler

2-nji iýunda duşuşyklaryň dördüsi bilen ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň duşuşyklary ýaýbaňlandyrylar ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.


Toparlaryň 8-siniň gatnaşmagynda 4 aýlawdan ybarat bolan Naýbaşy ligasy şu ýylyň 24-nji oktýabryna çenli dowam eder. 


Ýeri gelende bellesek, häzirki wagta çenli geçirilen üç tapgyrdan soň toparlaryň altysy (“Senagatbank”, “Köpetdag”, “Migrasiýa”, “Deňizçi”, “Gümrükçi”, “Daýhanbank”) 6 utukdan toplamagy başardylar.


Ikinji gezek Naýbaşy ligasy ady bilen geçirilýän ýaryşa  toparlaryň 8-siniň gatnaşmagynda geçirilýändigini ýatladýarys. Naýbaşy liganyň duşuşyklary Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerinde, şeýle-de, Daşoguz hem-de Mary welaýatlarynda geçiriler.