Turkmenportal logo
11.04.20
1418214182
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy ― diýip, TDH habar berýär.


Mejlisiň barşynda:


  • Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ýokary depginini saklamak, şeýle hem ykdysady-maliýe ulgamynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän anyk işler;
  • Kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri üçin maliýe hyzmatlarynyň derejesini kämilleşdirmek, Diýarymyzyň halk hojalyk pudagynyň möhüm ugurlarynda ykdysady taýdan bähbitli taslamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler;
  • Içerki sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilýän çäreler;
  • Nebite, tebigy gaza hem-de gaz kondensatyna baý bolan ýataklary ýüze çykarmak, ulanylýan ýataklarda uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alnyşynyň möçberlerini artdyrmak boýunça işler;
  • Tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem-de işleri döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler;
  • Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy;
  • Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde ýollary gurmak, içerki we daşarky inženerçilik ulgamlaryny gurmak baradaky ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;
  • Medeni-durmuş hem-de önümçilik ähmiýetli desgalaryň bellenilen möhletinde ýokary hil derejesinde ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmek, işleri döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler;
  • «Türkmenawtoulaglary» agentliginde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler;
  • Ýurdumyzyň eksport ugurly harytlarynyň we hyzmatlarynyň elektron (wirtual) sergisini döretmek hem-de Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler;
  • Gazet-žurnallary elektron görnüşe geçirmek boýunça alnyp barylýan işler;
  • Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler;
  • Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça geçirýän işleri bilen bagly meselelere seredildi.