Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň 20 kub metrlik platformasyna täze «KamAZ-laryň» 46-sy gelip gowuşdy.
Täze tehnikalar Russiýanyň «Senator» we «Etim Emin» gury ýük daşaýjy gämileri arkaly iki günüň dowamynda gelip gowuşdy. Ulaglar «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň «KamAZ» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda getirildi. Ýeri gelende aýtsak bu kompaniýanyň Türkmenistandaky resmi edarasy Aşgabat şäherinde 2008-nji ýyldan bäri işläp gelýär.
Türkmenbaşy halkara deňiz portuna geçen ýylyň awgust ― sentýabr aýlarynda «KamAz» ýük awtoulaglarynyň 225-si getirilipdi. Täze gelen ulaglar bolsa eýýäm paýtagta sary ýola düşdi. Porta ýakyn günlerde ýene-de 40 «KamAz-yň» gelip düşmegine garaşylýar.
