Turkmenportal logo
24.03.20
60476047
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýazyjylaryň arasynda açyk bäsleşik yglan etdi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Ýazyjylar üçin Halkara maksatnamanyň çäklerinde açyk bäsleşik yglan edildi.


Bu maksatnama 2020-nji ýylyň güýzünde dürli ýurtlaryň ýazyjylaryň arasynda ABŞ-da geçiriljek 12 hepdelik tejribe alyşmagy öz içine alýar.


Oňa öz ýurtlarynda tanalýan tejribeli ýazyjylaryň ýa-da eýýäm edebi zehinini ykrar etdirmegi başaran zehinli ýaşlaryň gatnaşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredildi.


Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirenleriň sowalnamalary 2020-nji ýylyň 1-nji apreline, sagat 18: 00-a çenli kabul edilýär.


Bäsleşigiň şertleri bilen  doly görnüşde ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web saýtynda tanyş bolup bilersiňiz .