Turkmenportal logo
16.03.20
73487348
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2020: «Ahal» ýaryş tertibiniň başyna, «Energetik» ahyryna geçdi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň Ýokary ligasy 3-nji tapgyryň duşuşyklary bilen dowam etdi. Aşgabatda, Türkmenbaşyda we Mary şäherlerinde geçirilen üç duşuşygyň biri deňlik, galan ikisiniň biri ýer eýeleriniň, ýene-de biri myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Ýöne üç duşuşykda derwezelere alty pökginiň girizilmegi çempionatynyň gyzygynyň artyp başlandygyny buşlaýar. Ýadyňyzda bolsa, täze möwsümiň açylyş tapgyrynda iki, 2-nji tapgryda bolupsa bary-ýogy üç pökgä şaýat bolupdyk.


Paýtagtymyzyň adybir stadionynda «Merwi» kabul eden «Ahal» 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy. 1-nji tapgyrda hem tapawutlanan Elman Tagaýew bu duşuşykda geçiren goşa pökgüsi bilen netijeli futbolçylaryň sanawynda birinji orna çykdy. Şol sanda iki duşuşykda toplan 6 utugy «Ahalyň» özüni hem ýaryş tertibiniň ýokarky basgançagyna çykardy.


Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndan dolanan «Altyn asyr» möwsümdäki ilkinji duşuşygyny kenarýaka şäherde geçirdi. Häzirki çempion Altymyrat Annadurdyýewiň 27-nji minutda geçiren pökgüsi bilen öňe saýlanan hem bolsa, bu üstünligi 59-njjy minuda çenli gorap bildi. Tejribeli hüjümçi Hemra Amanmämmedowyň geçiren pökgüsi bilen «Şagadam» üçünji duşuşygynda 2-nji utugyny gazandy. Geçen möwsümiň bürünç medalynyň eýesiniň täze möwsümde heniz ýeňiş gazanyp bilmeýändigi bolsa haýran galdyrýar.


Mary şäherindäki duşuşykda bolsa «Energetik» «Aşgabady» kabul etdi. Duşuşyk myhmanlaryň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Bu utulyş üç duşuşykda bary-ýogy 1 utuk gazanyp bilen «Energetigi» ýaryşyň ahyrky basgançagyna degişli düşürdi.


Çempionat 17-nji martda geçiriljek «Köpetdag» ― «Nebitçi» duşuşygy bilen dowam eder.


3-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:


 “Ahal” – “Merw” – 3:0


Gollar: 23 Yhlas Saparmämmedow, 44, 51 Elman Tagaýew (“Ahal”)


Duýduryş: 60 Amangeldi Saparow (“Merw”)


Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)


Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)


Kömekçi eminler: Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)


Ätiýaçdaky emin: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)


Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)


Tomaşaçy sany: 200


 


 “Şagadam” – “Altyn Asyr” – 1:1


Gollar: 59 Hemra Amanmämmedow (“Şagadam”) – 27 Altymyrat Annadurdyýew (“Altyn Asyr”)


Duýduryşlar: 24 Ýunus Orazmämmedow, 32 Baýramgeldi Nurlyýew, 34 Hydyr Ýakubow, 79 Farhad Italmazow, 89 Nikita Gorbunow  (“Şagadam”) – 30 Altymyrat Annadurdyýew (“Altyn Asyr”)


Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)


Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)


Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)


Ätiýaçdaky emin: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)


Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)


Tomaşaçy sany: 200


 


 “Energetik” – “Aşgabat” – 0:1


Gol: 78 Sahupnazar Durdyýew (“Aşgabat”)


Duýduryşlar: 34 Maksat Atagarryýew, 64 Begenç Temriýew, 81 Begli Meredow (“Energetik”) – 41 Azat Şamyradow, 76 Begmyrat Pirgulyýew, 81 Baýjan Satlykow (“Aşgabat”)


Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)


Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)


Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)


Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)


Gözegçi emin: B.Niýazdurdyýew (Balkanabat ş.)


Tomaşaçy sany: 1000