Turkmenportal logo
02.03.20
71807180
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ata Geldiýew we Rahat Japarow karýerasyny gyrgyz çempionatynda dowam etdirerler

«Şagadamyň» goragçysy Ata Geldiýew we «Köpetdagyň» derwezeçisi Rahat Japarow futbol karýerasyny Gyrgyzystanyň Kant şäheriniň «Abdyş-Ata» toparynda dowam etdirerler. Bu barada «Sport.kg» saýty habar berýär.


«Abdyş-Ata» Kant şäherinde 1992-nji ýylda döredilen futbol topary. Ol gyrgyz çempionatynda 2003-nji ýyldan bäri yzygiderli çykyş edýär. Topar Premier liganyň geçen möwsüminde sekiz toparyň arasynda bäşinji orny eýeledi.


30 ýaşly Ata Geldiýew 2018-nji ýylda Gyrgyzystanyň «Alaý» toparynda hem futbol oýnapdy. 24 ýaşly derwezeçi Rahat Japarow üçin bolsa «Abdyş-Ata» ilkinji daşary ýurt topary bolar.