Turkmenportal logo
15.02.20
2063620636
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Geldiýew bilen Şöhrat Söýünow karýerasyny Malaýziýada dowam etdirer
Serdar Geldiýew bilen Şöhrat Söýünow karýerasyny Malaýziýada dowam etdirer

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ýarym goragçysy Serdar Geldiýew (ozalky topary «Altyn asyr») bilen goragçy Şöhrat Söýünow (ozalky topary «Ahal») Malaýziýanyň PDRM topary bilen şertnama baglaşdy. Bu barada «The Star» habar berýär.


Habarda toparyň baş tälimçisi Işak Kunju Mohammediň türkmenistanly futbolçylaryň ukybyna ýokary baha berendigi hem aýdylýar.


 «Olar biziň garaşýan netijämizi görkezdiler. Bize Koreýa Respublikasyndan hem oýunçylary transfer etmäge mümkinçilik döredi, ýöne başa barmady. Biz daşary ýurtlardan ýene-de ukyply futbolçylary gözlemegi dowam edýäris» diýip, neşirde Işak Kunju Mohammediň aýdan sözleri getirilýär.


Kuala-Lumpur şäherine wekilçilik edýän PDRM futbol topary geçen ýyl Malaýziýanyň ikinji dwizionynda dördünji orny eýeledi we saýlama duşuşyklaryň netijesinde Superliga çykdy. Ýurduň futbol çempionatynyň täze möwsümine 28-nji fewralda badalga berler.