Türkmenistanyň futbol federasiýasy milli çempionatyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi boýunça ýarym ýyllyk rejenamany taýýarlady. Ol çempionatyň birinji we iki aýlawyny öz içine alýar.
Jemi dört aýlawdan ybarat boljak möwsümde ýene-de sekiz topar ýaryşar. Ilkinji iki aýlawyň duşuşyklaryna 6-njy martda badalga berlip, olar 13-nji iýunda tamamlanar. Çempionatyň birinji ýarymynda 56 duşuşyk geçiriler.
Täze möwsümde paýtagtymyza üç («Altyn asyr», «Aşgabat», «Köpetdag»), Balkan («Nebitçi», «Şagadam») we Mary («Merw», «Energetik») welaýatlarynyň her haýsyna iki, Ahal welaýatyna bir («Ahal») topar wekilçilik eder.
Duşuşyklary 6-njy we 7-nji martda geçiriljek birinji tapgyrda häzirki çempion «Altyn asyr» «Merw» bilen duşuşar. Ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» bolsa täze möwsümdäki ilkinji duşuşygyny «Nebitçi» bilen geçirer. Şeýle hem birinji tapgyrda «Köpetdag» ― «Energetik», «Şagadam» ― «Aşgabat» duşuşyklary bolar.
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň toparlar üçin ozalkylara garanyňda hem jogapkärli boljakdygyny turuwbaşdan nygtamak isleýäris. Bu bolsa çempionlyk göreşine birbada birnäçe toparyň goşuljakdygyny görkezýär. Çünki gazanyljak çempionlyk ýa-da öňdäki orunlaryň biri toparlarymyza 2021-nji ýylda yklym ýaryşlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berer. Şu gezekki çempionyň Aziýanyň klublaýyn derejedäki iň uly ýaryşyna ― AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşyp biljekdigini ýatladýarys. Çünki indiki ýyldan başlap, yklymyň birinji derejeli futbol ýaryşyna 32 däl-de, 40 topar gatnaşar. Bu bolsa 2020-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionyna ýaryşyň toparçalaýyn bölegine gatnaşmaga hukuk berýär. Şeýle hem şu ýylky wise-çempion bilen Türkmenistanyň kubogynyň eýesiniň yklymyň ikinji derejeli ýaryşynda ― AFK-nyň kubogynda ýaryşjakdygyny ýatladalyň! Eger wise-çempion bilen Kubogyň eýesi bir topar bolsa onda çempionatda üçünji orny eýelän topara hem yklym ýaryşyna gatnaşmaga mümkinçilik dörär.
