Turkmenportal logo
05.02.20
75427542
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Selim Nurmyradow «Bunýodkoryň» türgenleşiklerine ýekelikdäki meýilnama boýunça gatnaşýar
Selim Nurmyradow «Bunýodkoryň» türgenleşiklerine ýekelikdäki meýilnama boýunça gatnaşýar

Daşkendiň «Bunýodkorynyň» türkmenistanly hüjümçisi Selim Nurmyradow häzirki wagtda türgenleşikleri ýekelikde dowam etdirýär. Ýöne ol topar bilen hem işleşmäge girişdi diýip, «Championat.asia» habar berýär.


23 ýaşly futbolçynyň AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda Yragyň «Al-Zawra» bilen geçirilen duşuşygynda şikeslenip, 35-nji minutda meýdandan çykmaly bolandygyny ýatladýarys.


Kazanyň «Rubinine» degişli futbol mekdebinde tälim alan hüjümçi «Bunýodkor» bilen şu ýylyň dekabr aýyna çenli şertnama baglaşypdy.