Turkmenportal logo
11.12.19
1098510985
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Kuba boks sporty boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýýar

Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň prezidenti Aliasker Başirow bilen Kubanyň Merkezi Aziýa döwletleri boýunça ilçisi Alfredo Nýewes Potuondo ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler.


Gepleşikler Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde geçirildi. Kubaly diplomat bu gepleşikleriň ähmiýetine ünsi çekip, türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. Başirow hem öz gezeginde boksuň Kubada ösdürilişine ýokary baha berip, tejribeleri bilelikde ösdürmegi teklip etdi. Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň ýolbaşçysynyň aýdyşy ýaly, bilelikde okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmek Olimpiýa oýunlary ― 2020-ä taýýarlanmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.


Ýeri gelende, boksuň Kuba mekdebiniň dünýänň iň abraýly we netijeli guramalarynyň biridigini aýtmak gerek. Kubaly hünärmenleriň tejribesini özleşdirmek boksuň Türkmenistandaky ösdürilişi üçin hem möhüm ädim bolar.