Turkmenportal logo
23.11.19
2009820098
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabadyň «Altyn asyry» Türkmenistanyň altynjy gezek çempiony boldy

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary Türkmenistanyň çempiony boldy. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary bu üstünlige çempionatyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda ýetdi.


Çempionatyň 25-nji tapgyrynda ýaryşdaky esasy bäsdeşi bolan Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» myhmançylykda 2:1 hasabynda ýeňen «aragatnaşykçylar» bu ýeňişden soňra özleriniň çempionlygyny yglan etdiler. Topar indi iň ýakyn bäsdeşinden 9 utuk öňde.


Şeýlelikde, «Altyn asyr» bassyr altynjy gezek ýurdumyzyň çempiony bolmagy başardy. AFK-nyň kubogy ― 2018-de finala çenli baryp ýeten türkmen futbolunyň şu günlerdäki iň güýçli toparyna Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, 43 ýaşly hünärmen Ýazguly Hojageldiýew tälim berýär.


«Altyn asyr» 2014-nji ýylyň futbol möwsüminden bäri çempionlygy garşydaşlarynyň hi birine hem gidirmedi. Şeýlelikde, topar çempionlyklaryň sany boýunça «Köpetdag» bilen deňleşdi. Ýöne «Altyn asyryň» yzygider çempionlyklar babatyndaky öz rekordyny ýene-de özüniň täzeländigini hem aýtmak gerek.


Çempionlyk «aragatnaşykçylara» AFK-nyň kubogy ― 2020-niň toparçalaýyn tapgyrynda ýaryşmaga mümkinçilik berdi.