Türkmengala etrabynyň pagtaçy kärendeçileri we ýer eýeleri özleriniň döwlete «ak altyn» hasylyny tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý edip, uly zähmet üstünligine eýe boldular. Etrabyň pagtaçylary şu ýyl 14700 gektar meýdana gowaçanyň biziň şertlerimizde ýokary hasyl berýän, kesellere durnukly «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «Ýolöten — 45», «Ýolöten — 46» hem-de inçe süýümli «Ýolöten — 14» görnüşlerini ekip, bereketli hasyl ýetişdirdiler. Türkmengalaly pagtaçylaryň Watanyň «ak altyn» harmanyna goşan pagta hasyly 32 müň 400 tonnadan geçdi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Watan harmanyna tabşyrmakda aýry-aýry daýhan birleşikleriniň pagtaçy kärendeçileri tapawutlandylar. «Täze daýhan», «Ýeňiş», «Soltanýap» daýhan birleşikleriniň kärendeçileri hem-de pagta ýygýan kombaýnlara ussatlyk bilen erk edýän kombaýnçylary aýratyn zähmet göreldesini görkezdiler.
Şu gyzgalaňly günlerde medeniýet, sungat işgärleri pagtaçy kärendeçileriň arasynda ýygy-ýygydan myhmançylykda bolup, göwün göteriji çykyşlary bilen oba adamlaryna hezil berýärler, zähmet adamlarynyň armasyny ýetirýärler. Geçirilýän medeni çärelerde pagta ýygymynda has öňe saýlanýan kärendeçilere, kombaýnçylara gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Günortan arakesmesinde meýdan düşelgesinde dynç almak üçin döredilýän ýokary derejäki şertler pagtaçylar barada irginsiz alada edilýändigi aýdyň görkezýär.
Gazanylan zähmet üstünligi mynasybetli, etrabyň Medeniýet öýünde hormatly ýaşulularyň, mährem eneleriň, öňdebaryjy kärendeçileriň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda öňdebaryjy kärendeçilere milli Liderimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şertnamalaýyn borçnama berjaý edilen hem bolsa, etrabyň hasyl ussatlary meýdandaky hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almagy maksat edinip, öndürijilikli zähmet çekýärler.