Turkmenportal logo
19.10.19
12281228
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futzal, Türkmenistan ― 2020: Kuweýt saýlama duşuşyklaryň netijesinde Aşgabatda ýaryşmaga hukuk gazanan ilkinji ýygyndy boldy

Indiki ýylyň 24-nji fewraly ― 10-njy marty aralygynda Aşgabatda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatynyň saýlama duşuşyklarynyň başlandygyny habar beripdik. Saýlama tapgyryň Günbatar zolagynda ýaryşýan Kuweýtiň ýygyndysy 3 duşuşykda 9 utuk toplap, saýlama duşuşyklar tamamlanmanka, Aşgabatda geçiriljek çempionata gatnaşmaga hukuk gazandy. Kuweýtiň ýygyndysy saýlama tapgyryň netijesinde Türkmenistan ― 2020-ä hukuk gazanan ilkinji ýygyndy boldy.


Ýeri gelende aýtsak, kuweýtli futzalçylar Günbatar zolagyň «A» toparçasynda ýaryşýar. Olar 16-njy oktýabrda geçirilen ilkinji duşuşygynda Palestinany 7:1, 17-nji oktýabrda BAE-ni 4:1, 18-nji oktýabrda Yragy hem 4:1 hasabynda ýeňdiler.


Günbatar zolagyň şeýle güýçli ýygyndysyna garşy geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda türkmen futzalçylarynyň deňme-deň oýnandygyny ýatladýarys. Zolagyň «B» toparçasynda Liwanyň ýygyndysynyň Aşgabatda geçiriljek çempionata gatnaşmaga ýakyndygyny hem ýatladýarys. Umuman bu zolakdan Türkmenistan ― 2020-ä 5 ýygyndy gatnaşar. Olar her toparçanyň başky iki ornunyň eýeleri hem-de özara duşuşykda rüstem gelen üçünji orny eýelän ýygyndydyr.