Turkmenportal logo
15.10.19
45584558
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyry: Liwan Şri-Lankany uly hasap bilen ýeňdi

Şu gün Liwanyň futbol boýunça milli ýygyndysy myhmançylykda Şri-Lankanyň futbolçylaryny 3:0 hasabynda ýeňdiler. Dünýä çempionaty ― 2022-niň Aziýa boýunça ikinji saýlama tapgyrynyň çägindäki bu duşuşyk Kolombo şäherindäki «Reýskors» stadionynda geçirildi.


Duşuşykda pökgüleri 15-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Hassan Maatuk, 16-njy minutda ýene-de 11 metrlik jerime urgusyndan we 81-nji minutda Hilal El-Helwe geçirdi.


«H» toparçadaky beýleki duşuşykda KHDR bilen Koreýa Respublikasy 0:0 hasabyndaky deňlik bilen oýnadylar. Saýlama duşuşyklarynyň dördünji tapgyrynda türkmen futbolçylary bolsa Kuweýtiň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler.


Dört tapgyrdan soň iki hem 7 utuk bilen KHDR we Koreýa Respublikasy ýaryş tertibiniň başyny çekýär.