Turkmenportal logo
11.10.19
36873687
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
DÇ ― 2022-niň saýlama tapgyry: eýranly türkmen netijeli futbolçylaryň biri

Dünýä çempionaty ― 2022-niň düýn geçirilen saýlama duşuşyklarynda Eýranyň ýygyndysy Kambojiýanyň kabul edip, taryhdaky iň uly hasaply ýeňişleriň birini gazandy. Duşuşyk eýranly futbolçylaryň 14:0 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy.


Şu duşuşykda üç gezek ― 11-nji, 36-njy we 44-nji minutlarda tapawutlanan eýranly türkmen Serdar Azmun, yzda galan 3 tapgyrdan soň 4 gol bilen iň netijeli futbolçylaryň sanawynda ikinji orny eýeleýär. Ýöne ýol ýaryş münberiniň ikinji basgançagyny Koreýa Respublikasyndan Kim-Şin wuk hem-de siriýaly Omar al-Somah bilen paýlaşýar.


Netijeli futbolçylaryň başyny üç tapgyrda 5 pökgi bilen 3 futbolçy çekýär. Olar hytaýly Ýang Hu, eýranly Karim Ansarifard hem-de BAE-li Ali Mabhutdyr.


Yzda galan üç tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndysyndan üç futbolçy tapawutlandy. Olar Altymyrat Annadurdyýew, Arslanmyrat Amanow hem-de Wahyt Orazsähedow.