Turkmenportal logo
10.09.19
1038810388
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýä çempionaty ― 2022, saýlama tapgyr: Serdar Azmun Eýranyň Gonkongy ýeňmegine goşant goşdy

Sankt-Peterburgyň «Zenidiniň» hüjümçisi Serdar Azmun Eýranyň futbol ýygyndysynyň Gonkongy 2:0 hasabynda ýeňmegine kömek etdi. Duşuşyk Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde geçirildi diýip «Sport-Ekspress» ýazýar.


24 ýaşly eýranly türkmen duşuşygyň 23-nji minudynda hasaby açdy. Bu pökgi Eýranyň ýygyndysyny hasapda öňe çykardy. Duşuşykdaky ikinji pökgini 54-nji minutda Karim Ansarifard geçirdi.


Şeýlelikde, Serdar Azmun Eýranyň ýygyndysynyň düzüminde 44 duşuşykda 29-njy goluny geçirdi. «C»  toparçada ýaryşýan Eýran, şeýlelikde, dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryna ýeňiş bilen başlady. Toparçada Bahreýniň ýygyndysynyň 4 utugy bar. Eýranly futbolçylar indiki duşuşygyny 10-njy oktýabrda Kambojanyň ýygyndysy bilen geçirer.