Turkmenportal logo
10.09.19
59825982
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýä çempionaty ― 2022: Şri-Lankany ýeňen KHDR toparçamyzyň lideri

KHDR-nyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynda «H» toparçada Şri-Lankanyň ýygyndysyndan üstün çykdy.


Duşuşyk şu gün Kolombo şäherindäki «Reýskors» stadionynda geçirildi. 0:1 hasabynda myhman toparyň ― KHDR-nyň ýygyndysynyň peýdasyna tamamlanan duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 67-nji minutda Çan Kuk Çhol geçirdi.


KHDR 6 utuk bilen iki tapgyrdan soňra biziň toparçamyzyň başyny çekýär. Şeýle hem Koreýa Respublikasynda 3 (bir oýun), Türkmenistanda 3 (iki oýun) bar. Liwanyň hem-de Şri-Lankanyň ýygyndylaryna bolsa heniz utuk gazanmak nesip edenok.


Biziň milli ýygyndymyz 10-njy oktýabrda Beýrutda Liwanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Koreýa Respublikasy bolsa şol gün Şri-Lankany kabul eder. KHDR bolsa 3-nji tapgyrda duşuşyk geçirmez.