Turkmenportal logo
25.07.19
15061506
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
“Hazarbalyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde ösüşler gazanylýar

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda Bekre balygyny emeli usul bilen köpeltmek, onuň işwilini almak we balygy gaýtadan işlemek boýunça “Hazarbalyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň balyk toplumynda ösüşler gazanylýar. Toplumyň ýyllyk kuwwaty bekre balyk etiniň 100-tonnasyny, bekre işwiliniň 2-tonnasyny, dürli görnüşli balyklardan kakadylan balyklaryň 40-tonnasyny, şeýle-de gaplanan önümleriň 10 mln birligini öndürmäge mümkinçiligi bar.


Kärhanada häzirki wagtda 400-den gowrak iş ornunyň döredildi. Bu ýerde bekre balyklary ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerde balyklary gaýtadan işleýän bölümler hereket edýär. Tüssede kakadylan, ýakymly ysly duza ýatyrylan, doňdurylan balyklar işlenilip onlarça görnüşli önümler taýýarlanylýar. Bu ýerde umumy meýdany 385 inedördül metre barabar 10-sany howuz ýerleşdirilen.