Turkmenportal logo
24.07.19
56845684
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
"Ahal" Türkiýede Azerbaýjanyň topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

Şu gün "Ahal" futbol topary Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi diýip, "Azerisport.com" habar berýär.


Röwşen Meredowyň şägirtleriniň bu gezekki garşydaşy Azerbaýjanyň "Sumgait" futbol topary boldy. Azerbaýjanyň Premýer-ligasynyň wekili bilen geçirilen duşuşykda "Ahal" 0:1 hasabynda asgyn geldi. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 11-nji minutda ysraýylly futbolçy Amir Agaýew geçirdi.


Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýedäki ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynda "Ahal" Rumyniýanyň "Petrolul" (Ploeşti) toparyndan 1:3 hasabynda asgyn gelipdi.


Türkmenistanyň wise-çempionynyň Türkiýedäki ýygnanyşygy şol bir wagtyň özünde milli çempionatymyzyň 6-njy awgustda badalga beriljek ikinji ýarymyna taýýarlygyň bir tapgyrydyr.