Turkmenportal logo
28.06.19
65926592
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AFK-nyň kubogy - 2019: AFK hepdäniň iň owadan goly boýunça ses berlişik yglan etdi. Altymyrat Annadurdyýewe ses bereliň!
AFK-nyň kubogy - 2019: AFK hepdäniň iň owadan goly boýunça ses berlişik yglan etdi. Altymyrat Annadurdyýewe ses bereliň!

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy öz resmi saýtynda AFK-nyň kubogy - 2019-da şu hepde geçirilen duşuşyklardaky iň owadan gollar boýunça ses berlişigi yglan etdi. 


Saýtda dalaşgär hökmünde 4 futbolçynyň ady görkezilipdir. Olaryň arasynda "Altyn asyryň" futbolçysy Altymyrat Annadurdyýewiň "Istiklolyň" derwezesinden geçiren owadan pökgüsi hem bar.


Turkmenportal türkmen futbolynyň janköýerlerini bu ses berlişige goşulyp, Altymyrat Annadurdyýewi goldamaga çagyrýar. Siziň goldawyňyz bilen "Altyn asyryň" futbolçysy hepdäniň iň owadan goluny geçiren oýunçy hökmünde ykrar edilip bilner.


Ses berlişik üçin şu ýere basyň!


Altymyrat Annadurdyýewiň "Istiklolyň" derwezesinden geçiren goluny görmek üçin şu ýere basyň!