Turkmenportal logo
23.06.19
20712071
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futbol, TÝL - 2019: Didar Durdyýew bombardirlige şärik

Futbol çempionatymyzyň Ýokary ligasynyň 12-nji tapgyrynda "Şagadamyň" derwezesine geçiren 2 goly bilen, "Ahalyň" hüjümçisi Didar Durdyýew ýene-de ýaryşyň bombardirligine şärik boldy. Möwsümdäki gollarynyň sanyny 8-e çykaran hüjümçi "Altyn asyrdan" Altymyrat Annadurdyýew bilen deňleşdi. Didar Durdyýew "Ahalyň" soňky iki duşuşygynda geçiren üç golunyň hem awtorydyr.


Ýeri gelende aýtsak, ýaryşyň ikinji ornunda "Altyn  asyrdan" Myrat Ýagşyýew bar. Karýerasynda iki gezek Ýokary liganyň bombardiri bolan futbolçynyň hasabynda häzir 6 gol bar. 5 golly üç futbolçy - "Şagadamdan" Kerim Hojaberdiýew bilen Serdaraly Ataýew, "Aşgabatdan" Orazberdi Myradow bolsa ýaryşda üçünji orny eýeleýärler.


Ýeri gelende aýtsak, şu möwsümde 54 futbolçy tapawutlandy. 6 futbolçy bolsa öz derwezesine pökgi geçirdi.