Turkmenportal logo
10.06.19
50015001
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy Rigada iki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer

«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysynyň Latwiýanyň paýtagty Riga şäherinde iki sany okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçmegi üçin gepleşikler geçirildi. Latwiýanyň paýtagtyndaky türgenleşikleriň 2019-njy ýylyň oktýabr we 2020-nji ýyllaryň mart aýlarynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. 


Türgenleşikler KHL-iň hatarynda çykyş edýän "Dinamo Riga" hokkeý klubynyň meýdançalarynda geçiriler. Bu ýerde Latwiýa hokkeýiniň görnükli wekilleri, şol sanda Oleg Znarok we Wiktor Tihonow ýaly dünýä belli hokkeçiler hem türgenleşdiler.