Turkmenportal logo
01.04.19
63536353
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kuweýtdäki türgenleşikleriň çäginde Türkmenistanyň zenanlar futzal ýygyndysy ýerli ýygyndydan üstün çykdy

Kuweýtde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Futzal boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Kuweýtiň zenanlar ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşyk 6:0 hasabynda zenanlar ýygyndymyzyň peýdasyna tamamlandy. Ýygyndy toparymyzyň gollaryny Mariýa Çaryýewa (4), Maýa Musaskaýa hem-de Ejeş Amanmuhammedowa dagy geçirmegi başardylar ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty (www.tff.com.tm) habar berýär.


Ýeri gelende aýtsak, Kamil Mingazowyň türgenleşdirýän ýygyndy toparymyzyň Kuweýtdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 4-nji aprele çenli dowam eder.