Turkmenportal logo
19.03.19
90319031
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Iwan Danilýans Aşgabada geler
Iwan Danilýans Aşgabada geler

Surat: Спорт БО - БИЗНЕС Online


Kazanyň “Rubin” futbol akademiýasynyň ýolbaşçysy Iwan Danilýans 22-nji martda türkmen futbolyny ösdürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän wezipeleriň çäginde Aşgabada geler. Bu barada Türkmenportalyň ýörite interwýusynda “Rubin” futbol klubynyň baş tälimçisi Gurban Berdiýew habar berdi.


“Iwan Danilýans 22-nji martda Aşgabada uçar. Ol “Rostowda” işläp başlaýança, “Rubiniň” tejribeli düzümini emele getirmäge gatnaşdy. Ol futbolda özgertmeleri geçirmek boýunça maksatlarymyzyň aýratynlyklaryny düşündirer” diýip, Gurban Berdiýew habar berdi.