Ozal hem habar berşimiz ýaly, düýn - 6-njy martda köpugurly "Aşgabat" stadionynda "Ahal" bilen Täjigistanyň "Hujand" futbol topary pleý-off tapgyrynyň ilkinji duşuşygyny geçirdi. 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykda "Ahalyň" pökgüsini geçiren hüjümçi Didar Durdyýew bilen bagly täsin maglumaty okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik.
Yklymyň ikinji derejeli ýaryşynda ilkinji pökgüsini geçiren hüjümçi bu ýaryşda tapawutlanan türkmen futbolçylarynyň 40-njysy boldy. Turkmenportalyň habarçysynyň şahsy hasaplamalaryna görä, AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda iň köp tapawutlanan türkmenistanly futbolçy bu ýaryşa hem "Ahalda", hem "Altyn asyrda" gatnaşan Altymyrat Annadurdyýewdir. Ol yklym ýaryşynda 15 gezek tapawutlandy. Sanawda ikinji orny 10 gol bilen "Altyn asyryň" hüjümçisi Myrat Ýagşyýew, üçünji orny 7 gol bilen Mämmedaly Karadanow eýeleýär.
Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň kubogy - 2019-a biziň ildeşlerimiz Türkmenistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň (Wahyt Orazsähedow) we Kambojanyň (Amir Gurbany) toparlarynda gatnaşar.