Turkmenportal logo
21.01.19
36393639
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aziýa kubogy ― 2019: Ýaponiýa Saud Arabystanyny ýeňip, çärýek finala çykdy

21-nji ýanwarda Aziýa kubogy ― 2019-yň 1/8 final duşuşyklary dowam etdi. Şarja şäheriniň adybir stadionynda 7 müňe golaý tomaşaçynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Ýaponiýanyň hem-de Saud Arabystanynyň ýygyndylary çärýek finala çykmak üçin göreşdiler.


Duşuşykda toparçalaýyn tapgyrdaky garşydaşymyz ― ýapon futbolçylary ýeke-täk pökgi bilen üstün çykyp, ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandylar. Ýeňiş pökgüsini duşuşygyň 20-nji minudynda Takehiro Tomiasu geçirdi


Şeýlelikde, ýaryşda galan ýeke-täk topardaşymyz çärýek finalda Wýetnamyň ýygyndysy bilen duşuşar.


 


Aziýa kubogy ― 2019, 1/8 final, 21-nji ýanwar


Şarja şäheriniň «Şarja» stadiony, 6 832 tomaşaçy.


ÝAPONIÝA ― SAUD ARABYSTANY 1:0.


Pökgi geçiren: Tomiasu 20.