Turkmenportal logo
18.01.19
1376713767
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabadyň poçta edaralarynda demir ýol petekleri satylyp başlandy

«Türkmenpoçta» döwlet poçta aragatnaşyk kompaniýasy paýtagtyň ýaşaýjylaryna täze hyzmaty hödürledi. Indi Aşgabat şäherindäki poçta bölümlerinden islendik ugra demir ýol peteklerini satyn almak mümkin. Bu barada «Altyn asyr: Türkmenistan» elektron gazeti habar berýär.


Häzirki wagtda demir ýol petekleri Parahat ― 1 ýaşaýyş toplumynyň 57-nji jaýynda ýerleşýän 17-nji, Magtymguly şaýolunyň 144-nji jaýynda ýerleşýän 20-nji we B.Annanow köçesiniň 39-njy jaýynda ýerleşýän 35-nji poçta bölümlerinde satylýar.