Turkmenportal logo
30.12.18
59405940
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TFF ýylyň nusgalyk düzümlerini kesgitledi

Täze ýyl baýramynyň bosagasynda sport žurnalistleriniň we futbol hünärmenleriniň ses bermeginde Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Milli çempionatymyzyň 2018-nji ýyldaky netijeleriniň jemleri boýunça nusgalyk düzümleriň ikisini düzdi. 4-4-2 oýun usulynda düzülen nusgalyk ýygyndylar bilen okyjylarymyzy hem tanyşdyrýarys:
Birinji düzüm: Mämmet Orazmuhammedow “Altyn Asyr” (derwezeçi), Serdar Annaorazow “Altyn Asyr”, Mekan Saparow “Altyn Asyr”, Şöhrat Söýünow “Altyn Asyr”, Güýçmyrat Annagulyýew “Ahal” – goragçylar; Serdar Geldiýew “Altyn Asyr”, Resul Hojaýew “Altyn Asyr”, Altymyrat Annadurdyýew “Altyn Asyr”, Wezirgeldi Ylýasow “Ahal” – ýarym goragçylar; Süleýman Muhadow “Ahal” (hüjümçi), Wahyt Orazsähedow “Altyn Asyr” (hüjümçi).
Ikinji düzüm: Batyr Babaýew “Ahal” (derwezeçi), Zafar Babajanow “Altyn Asyr”, Gurbangeldi Batyrow “Altyn Asyr”, Didar Hajyýew “Ahal”, Bahtiýar Hojaahmedow “Energetik” – goragçylar; Myrat Annaýew “Ahal”, Öwezbaý Muhammetmyradow “Köpetdag”, Yhlas Saparmämmedow “Ahal”, Alibek Abdyrahmanow  “Energetik” – ýarym goragçylar; Murat Ýakşiýew “Altyn Asyr”, Pirmyrat Sultanow  “Köpetdag” – hüjümçiler.