Turkmenportal logo
07.06.18
1893518935
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat - Abu-Dabi - Aşgabat ugry boýunça howa gatnawy dikeldiler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti şu ýylyň 15-nji iýulyndan başlap, Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny dikeldýändigini habar berdi.


Habarnamada ýazylyşy ýaly, gatnawlar Boeing — 737-800 kysymly howa gämisinde hepdäniň anna we ýekşenbe günleri şu tertipde ýerine ýetiriler:


Hepdäniň anna güni: (Her howa menziliniň ýerli wagty görkezilen)


  • Aşgabat şäherinden uçuş 18:00
  • Abu-Dabi şäherine gonuş 19:30
  • Abu-Dabi şäherinden uçuş 21:00
  • Aşgabat şäherine gonuş 00:30+1(gonuş indiki gün)

Hepdäniň ýekşenbe güni: (Her howa menziliniň ýerli wagty görkezilen)


  • Aşgabat şäherinden uçuş 13:40
  • Abu-Dabi şäherine gonuş 15:10
  • Abu-Dabi şäherinden uçuş 16:40
  • Aşgabat şäherine gonuş 20:10

-----------------------------------------------------------------------------


Türkmenhowaýollarynyň ähli gatnawlarynyň uçuş we gonuşlaryny - Oguzhan aeroportynyň online tablosyndan yzarlaň!