24-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, şu ýyl Daşoguz we Lebap welaýatlarynda jemi 18 müň 300 gektarda şaly ekmek meýilleşdirilýär hem-de ondan 82 müň 400 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda 2018-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” Karara gol çekip, degişli wise-premýere sebitlerde bu ekini ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimlikleri Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynyň daýhan birleşiklerinde önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

