Turkmenportal logo
17.03.2018
1037310373
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TSTB-e Lebapda kaliý dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşygy üçin karz berler

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Lebap welaýatynyň Tübigatan kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň üsti bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýyllyk 3 göterim bilen 4 ýyl ýeňillikli döwri bolan 11 ýyl möhlete 600 million amerikan dollaryna çenli möçberde karz bermek tabşyryldy.